Şu gün 46-njy gezek geçiriljek Dakar Rallisine badalga berler. 5-nji gezek Saud Arabystanynyň çäginde geçirilýän ýaryşyň synag tapgyry şu gün guralar we ertirden başlabam resmi bäsleşikler ýola goýlar. Ýaryş ýurduň Al-U’la gadymy şäherinden badalga alar we 19-njy ýanwarda Ýanbu şäherinde tamamlanar. 400-den gowrak sürüjiniň gatnaşýan ýaryşy jemi 12 tapgyrdan ybarat bolar. 13-nji ýanwar sürüjileriň dynç güni bolup, olar tapgyrlaryň arasyndaky aralyklary-da hasaba alanyňda, umumylykda 7 müň 891 kilometrlik ýol geçerler. Ýöne onuň 4 müň 727-si ýaryşa degişli bolup, bu ýyl Dakar Rallisiniň maksatnamasyna 2 günlük marafon bäsleşigi hem girizildi. Sürüjiler umumylykda ulaglaryň 8 görnüşi (motosikl, ýeňil ulaglar, ýük ulaglary, kwadrasikl, T3, SSV, nusgawy ýeňil ulaglar, nusgawy ýük ulaglary) boýunça bäsleşerler.
Dakar Rallisinde şu wagta çenli iň köp fransiýaly Stefan Peterhansel ýeňiş gazanyp, ol ýeňil ulag görnüşinde 8, motosikl bilenem 6 gezek çempion boldy. Dakar Rallisinde geçen ýyl ýeňil ulag sürüjileriniň arasynda katarly Nasser Al-Attiýa, motosiklçileriň arasynda argentinaly Kewin Benawides ýeňiş gazanypdy.
Ýaryşa bu gezegem Sebastian Lýob, Karlos Saýns, Tobi Praýs, Säm Sanderländ ýaly meşhur sürüjiler hem gatnaşar.