Hytaý portlaryndan daşary ýurtlara ugradylýan ýükleriň möçberiniň we konteýleriň sanynyň artandygy mälim edildi. Geçen ýylyň 11 aýynda ýurduň portlaryndan geçirilen konteýnerleriň sany 280 million TEU (20 futluk ekwiwalente deň bolan birlik), ýüküň möçberi 15,51 milliard tonna ýetipdir. Hytaýyň Ulag ministrliginiň maglumatyna görä, geçen ýylyň 11 aýynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, konteýnerleriň sany 4,9, ýüküň möçberi 8,4 göterim artypdyr. Degişli döwürde daşary söwda degişli ýük gatnawy hem 9,6 göterim köpelipdir.
Ministrligiň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda “COVID-19” pandemiýasynyň täsirleri sebäpli ýük gatnawy az bolupdur.
Ýurtda öndürilen harytlar Şanhaý, Guançžou, Ninbo-Çžuoşan, Týanszin, Sindao we Dalýan ýaly iri portlardan dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýär.
Ruslan Jumaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.