Gyş pas­lyn­da so­wuk ho­wa se­bäp­li eliň de­ri­si­niň gu­ra­ma­gy­na ýa-da ze­per ýet­me­gi­ne duş ge­lin­ýär. Adam köp işi eli bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren­soň, ho­wa­nyň so­wuk­ly­gy ýa-da çyg­ly­lyk has köp tä­sir ed­ýär. Bi­ler­men­ler gyş pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len el­iň öň­kü­den has köp te­bi­gy tä­sir­le­re se­ze­war bol­ýan­dy­gy­ny bel­läp, kä­bir usul­la­ry ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Gyş pas­lyn­da eliňizi ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak­dan sak­lan­ma­ly we ma­za­ly gu­rat­man açyk ho­wa çyk­ma­ly däl. So­wuk ho­wa, aýaz­ly şe­mal gu­ry ele gö­rä, çyg­ly ele has çalt ze­per ýe­tir­ýär. Eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­da, esa­san, ýag­ly sa­byny we de­ri­ni gu­rat­ma­ýan aras­sa­laý­jy se­riş­de­le­ri ulan­ma­ly.
Gyş pas­lyn­da eliňizi so­wuk suwa däl-de, ýy­ly suwa ýuwmaly. Ýy­ly suw de­ri­niň ýa­ryl­ma­gy­nyň we kes­mek eme­le gel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Agşam ýat­maz­dan hem-de ir­den öý­den çyk­maz­dan öň dü­zü­min­de E wi­ta­mi­ni bo­lan nem­len­di­ri­ji krem­le­ri ýa-da zeý­tun ýa­gy­ny ele çal­mak hem so­wuk­dan go­ran­mak­da peýdaly usul­la­ryň bi­ri­dir.
Aş­ha­na­da na­har taý­ýar­la­nan­da, gök önüm­ler aras­sa­la­nan­da ýa-da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de el­lik geý­me­gi ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Esa­san hem, aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de de­ri­ni gy­jyn­dy­ry­jy mad­da­la­ryň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len hök­man el­lik geý­me­li.
Gyş pas­lyn­da ho­wa şer­ti­ne gö­rä ge­ýin­me­li. Esa­san hem, çyg ge­çir­me­ýän ýy­ly el­lik geý­me­li.
Ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de iň köp duş gel­ýän de­ri ke­sel­le­ri­niň bi­ri hem ek­ze­ma bo­lup, eliň de­ri­sin­de ýy­gy-ýy­gy­dan duş gel­ýär. Eliňizi aşa köp ýuw­mak, so­wuk suw, gu­ra­dy­jy sa­byn we hi­mi­ki mad­da­lar ulanmak ek­ze­ma se­bäp bol­ýar. Deridäki gu­rak­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin eliňizi ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak­dan sak­lan­ma­ly. Şeý­le hem ek­ze­ma gar­şy mel­hem­le­ri ulan­ma­ly. Mu­nuň üçin maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­laş­ma­gy hem-de de­ri luk­ma­ny­na ýüz tut­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.