Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanda gepleşikler geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşan Margaritis Şinas Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdi.
Margaritis Şinas Aşgabatdaky duşuşyklarynyň jemleri boýunça “Ýyldyz” myhmanhanasynda metbugat ýygnagyny geçirip, onda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandygyny belledi.
Dünýäde emele gelýän ýagdaýlara nazara alanyňda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşiň amala aşyrylýandygyny bellän Şinas Merkezi Aziýa bilen bir gezeklik däl, eýsem uzak möhletleýin esasda, dürli ugurlarda, infrastruktura, gazylyp alynýan baýlyklar, suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.
Ol ýurdumyza gelmezden ozal, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletlerinde saparda bolup, esasan hem, 29-30-njy ýanwarda geçiriljek Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy babatda pikir alyşdy.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas “Global Gateway” taslamasynyň möhümdigini belläp, bu taslamanyň Günbatar bilen Gündogaryň arasynda “köpri” boljakdygyny belledi. Şol sebqpli aýyň ahyrynda Brýusselde geçiriljek maýa goýum forumynyň ähmiýetiniň uludygyny aýdyp, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirendigini belledi.

Maýa goýum forumyna ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşar. 12-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjy 2022-nji ýylyň noýabrynda yglan edildi. Bu başlangyç söwda, ulag, sanly tehnologiýalar we energetika ýaly ugurlarda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.