24-nji ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşiniň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin gender deňligi meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyny geçirdi.
USAID Türkmenistanda inklýuziw we deňhukukly jemgyýeti gurmak boýunça alnyp barylýan işleri goldaýar. USAID Türkmenistanda Gender Deňligi Boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny amala aşyrmak maksady bilen döwlet gullukçylaryny deňhukukly gender kadalaryny ilerletmekde gymmatly ukyp-başarnyklar we gurallar bilen üpjün edýär.
Türkmen döwlet gullukçylary milli kontekstde gender deňliginiň strategiýalaryny işläp düzmek we goldamakda öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşdylar. Dünýä tejribelerini öwrenmek bilen, okuw-maslahatyna gatnaşyjylar gender duýgurlygyny üpjün etmegiň, gender kemsitmeleriniň öňüni almagyň we gender boýunça öňdebaryjy tejribeleri sosial guraly hökmünde ulanmagyň mehanizmleri barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň üsti bilen USAID GSP zenanlaryň Türkmenistanyň ösüşindäki ornuny güýçlendirýär we olaryň döwlet dolandyryş prosseslerine işjeň gatnaşmaklaryna we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaklaryna mümkinçilik döredýär.
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2Impact (Q2) hökmünde işi alyp barýan The QED Group, LLC kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.