Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda “Real Madridden” soň “Barselona” üçinem bäsleşik wagtyndan ir tamamlandy. 1/8 finalda “Real Madridi” “Atletiko ýaryşdan çykaran bolsa, çärýek finalda “Barselonany” “Atletik” topary ýeňlişe sezewar etdi.

Williamslaryň gollary “Barselonany” ýaryşdan çykardy

Bilbaoda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 2-2 deňlikde tamamlanyp, ýeňiji goşmaça wagtda belli boldy. Eýýäm 1-nji minutda hasaby açan “Atletik” toparynyň gollaryny esasy wagtda Guruzeta (1) bilen Sanset (49) derwezä girizdi. 1-nji ýarymda 2-1 öňe saýlanan “Barselonanyň” gollaryny bolsa Lewandowski (26) bilen Ýamal (32) geçirdi. Duşuşygyň esasy wagty 2-2 deňlikde tamamlandy. Goşmaça berlen her 15 minutyň ahyrynda-da “Atletik” toparynyň düzümindäki doganlar Williamslar tapawutlanmagy başardy. 105+2-nji minutda olaryň ulusy Iniaki Williams hasaby 3-2-ä ýetirse, 120+1-nji minutda kiçisi Niko Williams oýna soňky nokady goýdy. Bu kubogy iň köp gazanan “Barselona” (31) topary soňky sapar 2021-nji ýylda ýeňiji bolupdy.

Kubok ýaryşynyň daşynda galan “Barselona” topary çempionlyk ugrunda-da “Žirona” hem-de “Real Madridden” yzda barýar. Başgaça aýdylanda, Çempionlar Ligasynda-da esasy faworit hasaplanmaýan “Barselona” möwsümi kuboksyz tamamlap biler.

Çärýek finalyň beýleki duşuşyklarynda “Malýorka” öz meýdançasynda “La Ligada” sanawyň lideri “Žironany” 3-2 hasabynda utdy. “Malýorka” topary 1-nji ýarymda Larin (21) hem-de Abdonyň (28, 35 p) gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda Stuaniniň (68 p) hem-de Sawionyň (90+6) gollary “Žirona” toparyna ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Wigo şäheriniň “Selta” topary-da öz meýdançasynda “Real Sosiedaddan” 2-1 hasabynda utuldy. Ýer eýeleri Oýarzabal (2) bilen Bekeriň (66) geçiren gollarynyň biriniň öwezini doldy. De la Torreniň 90+2-nji minutdaky goly diňe statistika bolup galdy.

4-nji ýarym finalçy topar şu gije belli bolup, bu ugurda “Atletiko” bilen “Sewilýa” toparlary Madridde özara güýç synanyşarlar (01:00). Ýarym finalyň bijeleri 26-njy ýanwarda çekiler.