Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» atly ki­ta­by­nyň çap­dan çy­kyp halk köp­çü­li­gi­ne go­wuş­ma­gy äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan tä­ze ýy­lyň gar­şy­lan­ýan gün­le­rin­de my­na­syp baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bol­dy. Ki­tap­da ýer­leş­di­ri­len äh­li jüm­le­le­ri oka­nyň­da, kör­pe­je ça­ga­la­ryň, ýaş­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar­da oka­ýan, dö­red­ýän, gur­ýan pur­sat­la­ryn­dan dü­şü­ri­len su­rat­la­ry syn­la­nyň­da ata Wa­ta­nymyza, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bo­lan söý­giň has-da art­ýar. Çün­ki bu ki­tap ýaş­la­ry­my­zyň dur­mu­şy­na, yk­ba­ly­na, äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­lan­ýar. Ki­tap­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň dur­mu­şy­myz­da, jem­gy­ýe­ti­miz­de tut­ýan or­nu­na my­na­syp ba­ha ber­lip, ýaş­la­ryň ge­çen ýyl­da­ky ga­za­nan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Şu­lar dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­len bu ki­tap­da hormatly Prezidentimiz ýaş­la­ry­my­zyň Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­ri­ni anyk my­sal­lar bi­len be­ýan edip­dir. «Biz gel­je­gi­mi­zi ýaş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de gur­ýa­rys. Şeý­le ýaş­la­ry bo­lan halk be­ýik halk­dyr. Şeý­le be­ýik hal­ky bo­lan döw­let be­ýik döw­let­dir» di­ýip Arkadagly Gahryman Serdarymyz özü­niň il­kin­ji ki­ta­byn­da bel­läp geç­ýär. Do­gru­dan hem Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy, sars­maz sü­tü­ni, röw­şen er­tir­le­ri­ni gu­ru­jy­lar ýaş­lar­dyr. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da ýaş­la­ry­myz halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çe­kip, ab­raý-mer­te­bä eýe bol­ýar­lar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­ma­ga uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» ki­ta­by «Be­ýik iş­le­re ça­ky­lyk», «Nu­ra­na gel­je­giň ala­da­syn­da», «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esas­la­ry», «Ýaş­lar we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy», «Ýaş­lar bi­lim ul­ga­myn­da», «Ýaş­ly­gyň we ýe­ňiş­le­riň ýo­ly», «Ýaş türk­men ze­nan­la­ry ber­ka­rar ýur­duň mer­te­be tu­gy», «San­ly dün­ýä: ýaş­lar, ösüş, ge­le­jek», «Ýaş­lar we şä­her gur­lu­şy­gy», «Wa­tan go­ra­gy ynam­ly gol­lar­da», «Mil­li mi­ra­sy­my­zyň eýe­le­ri: Ede­bi­ýat, sun­gat we ýaş­lar», «Hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýan hoş ha­bar­lar – Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýaş­la­ry­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri», «Bi­lim ul­ga­myn­da ta­pa­wut­la­nan ýaş­lar», «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýaş­lar bi­len bag­ly ka­bul edi­len res­mi­na­ma­lar, ýaş­la­ra ibe­ri­len gut­lag­lar», «Ýaş­lar bi­len gel­je­gi­mi­zi gur­ýa­rys» ýa­ly bir­nä­çe bö­lüm­ler­den yba­rat. Bu bö­lüm­le­riň äh­li­sin­de hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda ýurdumyzda ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, ýaş­la­ryň dur­mu­şy bi­len bag­ly al­nyp ba­ry­lan iş­ler dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edip­dir.
Tä­ze ki­tap­da ge­ti­ril­ýän mag­lu­mat­la­ryň, be­ýan edil­ýän pi­kir­le­riň her bi­ri äh­li yn­san­la­ry, esa­san hem, ýaş­la­ry­my­zy zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Ki­tap­da şeý­le söz­ler bar: «Türk­men ýaş­la­ry döw­let­den ar­ka­ly­dyr. Döw­let sars­maz, tü­ken­mez uly güýç­dür. Biz döw­le­ti­mi­ziň güý­jün­den güýç al­ýa­rys». El­bet­de, bu söz­ler­de ýaş­la­ry­my­za bo­lan uly ynam bar. Asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp do­wam et­dir­ýän ýaş­la­ry­myz be­ýik iş­le­ri ba­şar­ýar­lar. Biz hem ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ýaş­la­ry bo­lup hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň yna­my­ny öde­mek, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne äh­li ba­bat­da my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da äh­li ukyp-ba­şar­ny­gy­my­zy gaý­gyr­man zäh­met çek­mek bi­len, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­ny hem uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­lä­ris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mun­dan beý­läk hem ga­la­my ýi­ti bol­sun, biz ýaş­la­ry bag­ty­ýar gel­je­ge ug­ruk­dyr­ýan şeý­le ma­ny­ly eser­le­ri­niň höw­ri köp bol­sun.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň esa­sy hü­när­me­ni.