ABŞ-nyň «Microsoft» kompaniýasynyň bazar nyrhynyň 3 trillion dollardan geçendigi mälim edildi. Şeýlelikde, kompaniýa «Apple»-den soňra bu sepgide ýeten ikinji brend boldy. Golaýda dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolan «Apple»-iň bazar nyrhynyň 3 trillion dollardan geçendigi mälim edilipdi. «Microsoft»-yň paýnamalarynyň gymmaty soňky bir ýylda 68 göterim ýokarlanypdyr. 24-nji ýanwarda bolsa 1 göterim ýokarlanyp, her bir paýnama 404,78 dollara ýetdi. Şeýlelikde, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň bazar gymmaty 3,01 trillion dollar töweregi boldy. Häzirki wagtda «Apple»-iň bazar nyrhy 3,03 trillion dollar töweregi.
«Microsoft» kompaniýasynyň bazar nyrhy ilkinji gezek 1986-njy ýylda 1 milliard dollardan geçýär. Soňky wagtlarda emeli aň tehnologiýasyna maýa goýumyny artdyrmagy bilen kompaniýanyň gymmaty artdy. Şu aýyň başynda «Microsoft» az wagtlyk «Apple»-den öňe geçdi. Mundan ozal 2018-nji ýylyň awgustynda «Apple» 1 trillion dollarlyk sepgide ýetipdi. 2020-nji ýylyň awgustynda bolsa 2 trillion dollarlyk sepgide ýetipdir.