Soň­ky ýyl­lar­da ki­tap­dyr çe­per eser­le­ri oky­jy­la­ra has tä­sir­li ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe usul­lar oý­la­nyp ta­pyl­dy. Şo­la­ryň bi­ri hem «ses­li ki­tap­lar» ha­sap­lan­ýar. Elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň ýör­gün­li bol­ma­gy bi­len ki­ta­byň ses­li (mp3) we şe­kil­li (mp4) gör­nüş­le­ri hem dö­re­dil­di. In­di ki­ta­by ýa­nyň bi­len gö­ter­mez­den ýol­da, ara­kes­me­de te­le­fon­dan okap ýa-da diň­läp bol­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­dan bel­li bol­şy ýa­ly, ge­çen asyr­lar­da ro­wa­ýat­lar, des­san­lar, goş­gu­lar, umu­man halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri dil­den di­le ge­çi­p, ýat­dan aý­dy­lyp­dyr. Adamlar Gün ýa­şan­dan soň, agşamlaryna oba­nyň su­han­göý ada­my­nyň öýü­ne üý­şüp des­san­dyr goş­gy diň­läp­dir­ler, er­te­ki aý­dyp wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çi­rip­dir­ler. Bir za­dy ses­li diň­le­mek oka­nyň­dan has tä­sir­li bo­lup, ýa­dyň­da uzak wagt­lap sak­lan­ýar. Ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li eser­ler­dir goş­gu­la­ry ses­li diň­le­mek ýat­keş­li­gi ös­dür­ýär, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Tä­ze ga­ra­ýyş­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da «ses­li ki­tap» plat­for­ma­la­ry­nyň kö­pel­me­gi bi­len ki­tap diň­leý­ji­le­riň sa­ny gün-gün­den art­ýar. Wag­ty ýer­lik­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän au­dio­ki­tap­lar jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de ün­sü­ňi sow­maz­dan tä­ze zat­la­ry öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
«Ses­li ki­tap» oky­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýurt­da her dür­li. ABŞ we De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ry au­dio­ki­tap­la­ry diň­le­mek­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Bu ýurt­lar­da köp ýyl­lar­dan bä­ri ne­şir edi­len ki­ta­byň ýa­ny bi­len ses ýaz­gy­ly nus­ga­sy bi­le­lik­de be­ril­ýär.
Bi­ler­men­ler «ses­li» ki­tap­la­ryň ka­gyz ki­ta­byň or­nu­ny tut­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Oky­jy­la­ryň esa­sy bö­le­gi ka­gyz ki­tap­la­ra uly is­leg bil­dir­ýär. Em­ma ka­gyz ki­ta­by oka­ma­ga şer­tiň ýok ýe­rin­de aý­dym diň­le­ýän ýa­ly, gu­lak­lyk da­kyp ki­tap diň­le­me­giň ar­tyk­maç­ly­gy­nyň bar­dy­gy bellenilýär. «Ses­li ki­tap­la­ryň» ara­syn­da ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li ki­tap­lar öň­de­li­gi eýe­läp, on­dan soň­ra dil öw­red­ýän au­dio­ki­tap­lar hem-de çe­per eser­ler gel­ýär. Boş wag­tyň ýa-da iş ara­syn­da ki­tap diň­le­mek ýat­keş­li­giň ös­me­gi­ne, öw­re­nen­le­ri­ňi gaý­ta­la­ma­ga hem-de bi­li­mi­ňi kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bi­ler­men­ler, esa­san hem, dil öw­ren­ýän ýet­gin­jek­le­re au­dio­ki­tap­la­ry yzy­gi­der­li diň­le­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. «Ses­li ki­tap­la­ry» ýol­da, ün­si ta­lap ed­ýän iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän pur­sa­dyň ýa-da aw­tou­lag do­lan­dyr­ýan wag­tyň diň­le­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.