Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
31-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji ýylda, Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.