Ynsan ömründe ýatdan çykmajak bagtly günler, şatlykly pursatlar köp bolýar. Şol pursatlary ýatlanyňda ömrüňe ömür goşulýan ýaly täzeden ruhlanyp öz edýän işiňe, durmuşyňa bolan söýgiň, hyjuwyň artýar. Ajaýyp netijeleri bilen jemlenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza sowgat eden güni türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Çünki hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň kalby ylham ganatly bagtyýar ýaşlara bagyşlanmagy, biziň her birimizi täze üstünliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň aýdyň beýanyny özünde jemleýän bu gymmatly kitap watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Pähim-paýhasa, uly ynama ýugrulan bu kitapda Watanymyzyň daýanjy, nurly ertirlere maksat tutan türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlardaky gazanan üstünlikleri, ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän taýsyz tagallalar aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýär. Kitapdaky bäbegini gujagyna alyp, bagtdan doly gözleri bilen perzendine guwanyp oturan ýaş enäniň, durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýanja çagajyklarymyzyň, bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň bagtly pursatlaryny görkezýän dürli suratlary synlanyňda kalbyň ganatlanýar. Halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri bilen atlarynyň hem şu kitapda görkezilmegi bütin maşgalasynyň, ata-enesiniň ýüreklerinde ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer işlerine hormat-sarpany, egsilmejek söýgini artdyrýar.
Halkymyzyň mukaddeslik derejesinde eý görýän eziz zatlary bar. Şol gymmatlyklaryň hormaty şu günlerde-de öz sarpasyny ýitirenok. Bu kitapda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň ýerleşdirilmegi il-gününi, halkyny jandan söýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan belent tutumly işlerine buýsanjyňy artdyrýar. Şeýle-de, özüniň el hünäri, beýik adamkärçiligi, sypaýylygy, mähribanlygy bilen bagtyýar zenanlara nusgalyk ene bolan, halkymyzyň kalbynda müdimi ýaşaýan, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejemiziň ören alajasynyň, bejeren kürtesiniň hem-de hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dokan nepis halysynyň we iş guralynyň ýanynda öz agtyjaklary bilen düşen suratynyň ýerleşdirilmegi kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.
Bu kitapda Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiziň ýaş raýatlarynyň uly üns bilen gurşalyp alynýandygy bellenilýär. Türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň waspnamasy bolan bu kitabyň her jümlesi ýaşlaryň işlerinde gymmatly gollanmadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu çuňňur many-mazmunly eserinde: «Men «Watan we halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip belleýär. Gadymy Gündogarda ýörgünli bolan «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň, on ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen parasatly sözlerinde görnüşi ýaly nesil ömrüň dowamaty, beýik geljegiň bagty. Şu günki ýaş nesiller – ertiriň hamyrmaýasy, Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleridir. «Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýär. Bu bolsa biziň has joşgunly zähmet çekmegimize, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan öňe alyp gitmegimize ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eserindäki «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlar merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Watanymyzyň asudalygy, döwrümiziň bagtyýarlygy, zamanamyzyň belent bady biziň güýjümize güýç goşýar. Halkymyzy şeýle döwletli-döwranda, bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin.
Aýnabat ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni.