Soňky wagtlarda suwuň içinde täsin desgalary gurmak ýoň boldy. Tebigat bilen sazlaşykly owadan peýzažy emele getirýän suw platformalary köplenç syýahatçylyk maksady bilen gurulýar. Niderlandlarda 1992-nji ýylda suwuň içinde täsin ýaşaýyş toplumy emele gelýär. Brekkense Wiel (Döwlen tigir) diýlip atlandyrylýan bu taslama Friz kölleri bilen Niderlandlaryň iň uly köli Eýsselmeriň arasynda ýerleşýär. Niderlandlaryň iň meşhur syýahatçylyk merkezi hökmünde tanalýan bu toplumda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda syýahatçylar üçin niýetlenen desgalar hem bar. Bölek-bölek ýarym aýlawly gurluşa eýe bolan howlular suwuň içinde ýerleşip, ondan-oňa awtoulagly hem-de gaýykly geçip bolýar. Suw sport görnüşleri bilen meşgullanýanlar üçin Brekkense Wiel täsin ýerleriň biridir. Ertekileri ýadyňa salýan bu şäherçe Lemmer şäheriniň golaýynda ýerleşýär. 11 gektar meýdany bolan Brekkense Wielde 230 töweregi ýaşaýyş jaýy bar.
Syýahatçylaryň arasynda «Lemsters» ady bilen meşhurlyk gazanan bu şäherçe tomus paslynda iň köp gelim-gidimli ýerleriň biridir. Şäherçede gaýykly gezelençler bilen birlikde, gaýykly ýaryşlar hem guralýar. Brekkense Wiel «ýaşyl» ekologiýany emele getirmek, biodürlüligi we tebigy ýaşaýyş ýerlerini gorap saklamak maksady bilen gurlupdyr.