Russiýada täze “XCITE” atly awtoulag harytnyşany döredildi.
Nissan awtoulaglaryny öndüren “AvtoVAZ”-yň bir bölegi bolan Sankt-Peterburg Awtozawody indi täze XCITE harytnyşany bilen awtoulag öndürer.
Täze markanyň nyşany latyn harpy X görnüşinde ýasaldy we onuň ady iňlis diliniň “to excite” sözünden gelip çykýar we “tolgunmak” manysyny berýär.
Bar bolan maglumatlara görä, birinji tapgyr birnäçe müň awtoulagdan ybarat bolar we satuwyň başlamagy 2024-nji ýylyň ýazynda meýilleşdirilýär.
XCITE önümleri barada ilkinji resmi jikme-jik maglumatlar fewral aýynyň ahyrynda berler.