ABŞ-nyň häkimiýeti ýurtda zawod gurmak üçin ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýär. Bu barada “Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Neşiriň habaryna görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň  “Intel” we “Taiwan Semiconductor Manufacturing Co” (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar. Bu, akylly telefonlarda, emeli aňda we beýleki ulgamlarda ulanylýan ösen ýarymgeçirijileriň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berer” diýip, “Wall Street Journal” ýazýar.

“Intel”-iň 43,5 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň, TSMC-iň bolsa, 40 milliard dollarlyk iki zawod gurmak taslamasynyň bardygy bellendi. Mundan başga-da, “Micron Technology”, “Texas Instruments” we “GlobalFoundries” ýaly beýleki ýokary tehnologiýaly kompaniýalar hem subsidiýa almaga dalaş edýärler. Taslamalar durmuşa geçirilende serişdeler tapgyrlaýyn bölüner.

Şeýle-de Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” we “SK Hynix” kompaniýalary dünýäniň çip öndürýän iň uly klasterini döretmek üçin 471 milliard dollar maýa goýýar.