2-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini hem guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 

Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklandy

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminamanyň taslamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribeleriň esasynda bilimiň hiline baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekde-de bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.