“George J. Doizaki Gallery” ýapon-amerikan medeniýet we jemgyýetçilik merkezinde hödürlenýän “Iň oňat 100 ýapon plakaty (1945-1989)” 18-nji fewrala çenli dowam edýär. Sergide ýurduň 1945-nji we 1989-njy ýyllar aralygyndaky çeperçilik ädimini aýdyň görkezýän iň täsirli 100 ýapon plakaty hödürlenýär.

Sergide Ikinji jahan urşundan soň Ýaponiýanyň plakat sungatynda bolup geçen möhüm taryhy wakalary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bu plakatlar diňe bir çeperçilik ussatlygy üçin däl-de, eýsem mediýanyň taryhynda oýnan möhüm roly üçin saýlandy.

Sergi Los-Anjeles şäheriniň Medeniýet işleri boýunça departamentiň (DCA) howandarlygynda geçirilýär.