Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Pa­ra­sat­ly ata-ba­ba­la­ry­myz ne­sil­le­re aja­ýyp däp­le­ri mi­ras gal­dy­ryp­dyr­lar. Ag­zy­bir­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, ýa­şu­ly nes­le hor­mat-sar­pa goý­mak hal­ky­my­zyň asyr­lar­bo­ýy dur­muş ka­da­sy­na öw­rü­lip gel­di. Bi­ziň ýaş­la­ry­myz şol däp­le­ri do­wam et­dir­me­li­dir­ler. Ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri şu ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek hem­mä­mi­ziň we­zi­pä­miz bol­ma­ly­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şeý­le ga­nat­ly söz­ler­den ugur alyp, mil­li ter­bi­ýe­çi­lik işi bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi türk­men ýaş­la­ry­nyň aň we be­den taý­dan kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni şert­len­dir­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de do­wam ed­ýän ýur­du­my­zyň mil­li ösüş­le­ri bi­ziň her bi­ri­miz­de çäk­siz buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan bu ösüş-öz­ge­riş­ler­de ça­ga­la­ry­my­zyň aý­dyň er­ti­ri­ni, ýag­ty gel­je­ge bo­lan yna­my gör­ýä­ris. Şeý­le bag­ty­ýar dö­wür­de hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn ösü­şi­ni esas­lan­dyr­ýan ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ra, ýol-ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyl­ma­gy bol­sa şu gün­ki nes­liň as­ly­na bo­lan ga­raý­şy­ny çuň­laş­dyr­ýar. Çün­ki öz geç­mi­şi­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan türk­men halky­nyň mil­li däp-des­sur­la­ry, edep-ka­da­la­ry ne­sil ter­bi­ýe­si­ne berk bag­ly­dyr. Ol heň­ňam­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çip berk bin­ýat­ly ýyl­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik tej­ri­be­si­niň süň­ňü­ni düz­ýär.
Ata-ba­ba­la­ry­myz ne­sil ter­bi­ýe­si­ne, edep-ek­ra­my­na uly üns ber­mek bi­len, öz do­wa­ma­ty­nyň akyl­ly, sag­dyn, dog­ru­çyl, asyl­ly, ru­hu­be­lent, wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin uly ala­da­lar edip­dir­ler. Se­bä­bi ne­sil ter­bi­ýe­si örän çyl­şy­rym­ly hem-de jo­gap­kär­li hä­si­ýe­te eýe­dir. Her bir ça­ga jem­gy­ýet­de özü­ni alyp bar­ma­gyň düz­gün­le­ri­ni, daş-tö­we­re­ge, adam­la­ra bo­lan ga­raý­şy­ny öz maş­ga­la­syn­da ene-ata­syn­dan, mek­dep­de mu­gal­ly­myn­dan, deň-duş­la­ryn­dan öw­ren­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ne­sil ter­bi­ýe­sin­den ke­ma­la ge­len «edep» sö­zi köp ma­ny­ny, ýag­ny ter­bi­ýe, ter­tip, utanç-ha­ýa, sy­pa­ýy­lyk ýa­ly çuň ma­ny­la­ry özün­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin ça­ga ter­bi­ýe­sin­de edep­li­lik ba­ra­da­ky dü­şün­jä uly orun de­giş­li bo­lup, ol gö­nü­den-gö­ni ýa­şu­ly nes­liň gö­rel­de­si bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Se­bä­bi döw­le­tiň berk­li­gi jem­gy­ýe­te bag­ly, jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy bol­sa maş­ga­la bi­len da­hyl­ly­dyr.
Maş­ga­la mil­le­tiň, jem­gy­ýe­tiň gal­kyn­ma­gyn­da uly orun tut­ýan bol­sa, maş­ga­la­nyň gal­kyn­ma­gyn­da per­zen­de düş­ýän paý hem ýo­ka­ry­dyr.
Per­zen­di şah­sy­ýet de­re­je­si­ne ýe­tir­ýän bol­sa il-hal­ka hor­mat, ýur­du­na söý­gü­dir. Türk­men hal­ky üçin ata Wa­tan, ene top­rak hem­me zat­dan eziz hem mu­kad­des­dir. Wa­tan türk­men hal­ky­nyň te­ni­niň hem ýü­re­gi­niň bir bö­le­gi­dir.
Ata Wa­ta­nyň mäh­ri türk­men hal­ky üçin hem­me zat­dan zy­ýa­da­dyr. Türk­men özü­niň Wa­ta­na da­hyl­ly­dy­gy­ny, oňa ge­rek­di­gi­ni, ze­rur­dy­gy­ny kal­by, on iki süň­ňi bi­len du­ýan­da özü­ni bagt­ly ha­sap­la­ýar. Wa­ta­ny söý­mek, Wa­ta­nyň mu­kad­des­li­gi­ne uý­mak, Wa­ta­na sy­gyn­mak türk­me­niň ata-ba­ba aňyr­dan gel­ýän ga­dy­my hem mü­di­mi des­su­ry­na, yg­rar­ly ynan­jy­na si­ňip­dir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da hem nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Wa­ta­nyň be­ýik­li­gi, mu­kad­des­li­gi ha­ky­ky maz­mu­nyn­da açy­lan­da, öň­de goý­lan mak­sat dur­mu­şa geç­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de dur­mu­şa hö­wes­li­li­gi, hy­juw­ly­ly­gy art­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän ki­tap­lar köp okal­ýar. Şeý­le ki­tap­la­ryň ýaş­la­ra öz ukyp­la­ry­ny aç­ma­ga ýar­dam ed­ýän ha­lat­la­ry hem köp bol­ýar. Şol bi­lim­le­ri hem wa­tan­çy­lyk­dan aý­ra­tyn­lyk­da göz öňü­ne ge­tir­mek kyn­dyr. Esa­sy bi­lim, iň wa­jyp ter­bi­ýe wa­tan­çy­lyk­da­dyr. Be­ýik ösüş­le­re ýet­mek üçin il­ki Wa­ta­ny söý­me­gi öw­ren­me­li.
Türk­me­niň ru­hy-ah­lak, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­ne ýug­ru­lyp dö­re­di­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz Wa­ta­ny, ke­rem­li top­ra­gy, gö­zel te­bi­ga­ty, eziz hal­ky, ata-enä­ni söý­mek, do­gan­lyk mer­te­be­si, goň­şu­çy­lyk, ga­ryn­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry, uly­ny sy­la­mak, ki­çä hor­mat goý­mak, ag­zy­bir bol­mak, dost tu­tun­mak, toý toý­la­mak, ha­ty­ra ede­bi­ni sak­la­mak ýa­ly mil­li däp-des­sur­la­ry­myz hal­ky­my­zyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki mer­te­be­si­ni, at-ab­ra­ýy­ny has-da beý­geld­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş ne­sil­le­riň kä­mil, edep-ter­bi­ýe­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, dün­ýä de­re­je­sin­de ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn be­den­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­le­riň üp­jün edil­me­gi her bi­ri­miz üçin hem buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ýaş nes­liň hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­ra­da­ky ala­da­la­ra ýug­ru­lan mö­hüm äh­mi­ýet­li döw­let Mak­sat­na­ma­la­ryn­da hem ne­sil­le­riň ka­da­ly ir­ki ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, be­den, akyl we ru­hy taý­dan ke­ma­la ge­tir­mä­ge, şeý­le hem ola­ry hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­ne we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na da­ýan­mak ar­ka­ly ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­dir­len çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Bir­le­şen ta­gal­la­lar esa­syn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­le­riň äh­li­si hem sag­dyn, ru­hu­be­lent, kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Ta­ry­hy ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýän aja­ýyp za­ma­na­myz­da bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, ýur­du­my­zy ös­dür­mek we dün­ýä ta­nat­mak, her bir şah­sy­ýe­tiň zäh­me­ti­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da her bir adam­da, esa­sa­n hem, ýaş­lar­da ýo­ka­ry ah­lak sy­pat­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­r al­tyn gel­je­gi­mi­zi has-da şöh­rat­lan­dy­rar.
Şu aja­ýyp eý­ýam­da mu­kad­des yna­my hak­la­jak ne­sil­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da mil­li ter­bi­ýe­çi­lik işi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän Arkadagly Serdarymyza, ha­ly­pa­lyk mek­de­bi­ni ke­ma­la ge­ti­ren Gahryman Arkadagymyza al­kyş­la­ry­myz eg­sil­mez­dir.

Oraz­bi­bi MU­HAM­MET­DUR­DY­ÝE­WA,
Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky «Bag­ty­ýar ne­sil» at­ly 4-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň ter­bi­ýe­çi-usu­ly­ýet­çi­si, Kärdeşler arkalaşygynyň iş­jeň ag­za­sy.