Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasynyň bazar nyrhy ilkinji gezek 50 trillion ýenden
(337 milliard dollar) geçdi. Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýasy bolan «Toyota» ýylyň dowamynda ozalky mälim edilenden has köp peýda gazanjakdygyny habar berdi. Şondan soňra awtoulag öndürijisiniň biržadaky paýnamalarynyň bahasy görnetin ýokarlanyp, taryhy sepgide ýetdi. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy geçen ýyl satuwyň ýokary hem-de ýeniň hümmetiniň peselmegi netijesinde 64 göterim gymmatlapdy. Kompaniýa mart aýynyň ahyrynda tamamlanýan maliýe ýylynda girdejisiniň 4,5 trillion ýen däl-de, 4,9 trillion ýen bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, kompaniýanyň paýnamalary 4,8 göterim artyp, rekord derejä ýetdi. Bu görkeziji bilermenleriň çaklamalaryndan hem ýokary boldy. Golaýda bolsa kompaniýanyň bazar nyrhy gysga wagtlyk Hytaýyň «Tencent» kompaniýasyndan öňe geçip, Aziýanyň iň gymmat üçünji kompaniýasy bolupdy.