Köp adam, esa­san, gyş gün­le­rin­de ir­den däl-de, ag­şam ýat­maz­dan ozal ýu­wun­ma­gy kem gör­me­ýär. Se­bä­bi ir­den ýu­w­nan ba­dy­ňa do­ly gu­ra­nman da­şa­ryk çyk­mak dür­li ke­sel­le­re se­bäp bo­lup bil­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ag­şam ýat­maz­dan ozal ýu­wun­mak maslahat berilýär. Sa­çy gu­rat­man uk­la­mak hem adam sag­ly­gy üçin zy­ýan­ly ne­ti­je be­rip bi­ler. Esa­san hem, ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de sa­çy gu­rat­maz­lyk sag­ly­ga oňaý­syz tä­sir et­mek bi­len bir ha­tar­da, sa­çyň za­ýa­lan­ma­gy­na hem ge­ti­rip bi­ler. Eý­sem, sa­çy gu­rat­maz­lyk nä­me­le­re se­bäp bo­lup bi­ler?!
Öl saç gu­ry sa­ça gö­rä has gow­şak bol­ýar. Öl saç bi­len uk­la­nan­da sa­çyň tar­la­ry dö­wül­ýar. Ýag­ny ýas­syk­da kel­lä­ni eý­lä-beý­lä öwür­mek ar­ka­ly güýç­li sür­tül­me eme­le ge­lip, sa­çyň tar­la­ry­na ze­per ýet­ýär.
Käha­lat­da gu­ra­dyl­ma­dyk saç bi­len uk­la­nan­da ir­den tu­rup bu­lam-bu­jar bo­lan­dy­gy­ny gör­ýä­ris. Soň­ra bu­lam-bu­jar sa­çy dü­zet­mek üçin ýe­ne suw­la­ma­ly bol­ýar. Bu bol­sa hem wag­ty­ňy al­ýar, hem-de ýe­ne sa­çyň öl bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Sa­çyňy ýuwup guratman ýat­mak im­mu­ni­te­ti gow­şa­dyp, kel­le­de we be­den­de so­wuk­la­ma dö­re­dip ýa-da dü­mew ala­mat­la­ry­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Ýa­tyl­ýan otag so­wuk bol­sa şeý­le ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy has hem ýo­ka­ry bol­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, suw bi­len ýy­ly­ly­gyň bir­leş­me­gi bak­te­ri­ýa­la­ryň çalt kö­pel­me­gi­ne sebäp bolýar. Öl saç bi­len uk­la­nan­da kel­le­dä­ki ýy­ly­lyk bi­len ýas­syk­da­ky çyg­ly­lyk bir­le­şip, bak­te­ri­ýa dö­red­ýär. Şeý­le ýag­da­ýa se­ze­war bol­nan ha­la­tyn­da an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­ler bi­len ýas­syk­da­şy ýuwmaly we gu­ran­dan soň ütük­le­me­li.
Saç­da­ky çyg­ly­lyk uzak wagt­lap sak­la­nan ha­la­tyn­da kel­le­dä­ki ýy­ly­ly­gyň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de sa­çyň düý­bün­de go­ňak gat­la­gy eme­le gel­ýär. Çyglylyk sa­çyň te­bi­gy ýa­gy­ny aýyr­ýar we go­ňa­gyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le hem saçyňy guratman uk­la­mak sa­çyň reň­ki­niň üýt­ge­me­gi­ne we gu­rak gö­rün­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler.
Sa­çy­ňy ýu­wup gu­rat­maz­lyk kö­me­lek ýo­kanç­lyk­la­ry­ny dö­re­dip, sa­çyň düş­me­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Şeý­le hem sa­çyň düý­bün­de dü­wür­ti­giň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler.
Umu­man, sa­çy ýu­wa­nyň­dan soň gu­rat­maz­lyk sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, bu ýag­da­ýa üns­li çe­me­leş­me­li. Sa­çy ag­şam ýat­maz­dan 2-3 sa­gat öň ýuw­ma­ly. Sa­çy gu­rat­man ma­ta sü­pür­giç bi­len orap goý­mak sag­lyk üçin has-da zy­ýan­ly­dyr. Şol se­bäp­li sa­çy ýu­wa­nyň­dan soň gu­ra­dyp, ti­mar ber­me­gi en­dik et­me­li.