Daş-tö­we­re­gi­mi­ze syn ede­ni­miz­de gyş pas­ly­nyň do­wam ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, kä­bir agaç­la­ryň we ösüm­lik­le­riň gök öw­süp otu­ran­dy­gy­ny gör­ýä­ris. As­lyn­da, agaç­la­ryň ag­la­ba­sy­nyň ýap­rak­la­ry güýz pas­lyn­da düş­ýär. Agaç­la­ryň ýap­rak­la­ry­nyň we pür­le­ri­niň düş­ýän wag­ty pas­la, ösüp otu­ran ge­og­ra­fik ýe­ri­ne we ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na bag­ly bol­ýar. He­mi­şe gök öw­süp otur­ýan agaç­la­ryň ýap­rak­la­ry we pür­le­ri hem düş­ýär. Em­ma ol bir ­wagt­da däl-de, ýy­lyň do­wa­myn­da ýu­waş-ýu­waş­dan bol­ýar. Agaç­la­ryň gy­şyn-ýa­zyn gök öwüs­me­gi­niň ýe­ne bir se­bä­bi bu agaç­la­ryň ýap­rak­la­ry­nyň ki­çi bol­ma­gy­na bag­ly­dyr. Bu ýap­rak­la­r iý­mit ön­dü­rme­gi üçin has az yşyk ta­lap ed­ýär. Şol se­bäp­li güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len, gü­ne­şli howanyň azal­ma­gy ola­ra has az tä­sir ed­ýär. Em­ma bu­la­ryň hem Gün düş­me­ýän ta­ra­pyn­da­ky ýap­rak­la­ry dü­şüp bil­ýär. Bu agaç­la­ryň ýap­rak­la­ry tä­ze­le­nen­de ola­ryň aşa­gyn­da­ky ýap­rak­la­ry düş­ýär, ýo­kar­syn­dan bol­sa tä­ze­leri peý­da bol­ýar.
Ösüm­li­giň ýap­ra­gy­nyň düş­me­li wag­ty­ny ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly daş­ky tä­sir­ler kes­git­le­ýär. Ösüm­lik­le­riň ýap­rak­la­ry­nyň düş­me­gi ola­ryň iý­mit, ener­gi­ýa, suw zerurlygyny azalt­mak­la­ry­na hem-de so­wuk we gu­rak ho­wa­da in­di­ki ba­ha­ra taý­ýar­lyk gör­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ola­ryň kö­pü­si ýy­lyň äh­li wag­tyn­da al-ýa­şyl öw­üsýän bol­sa, kö­pü­si dür­li gör­nüş­li agaç­dyr ösüm­lik­ler bo­lup, di­ňe kä­bi­ri­niň ýap­ra­gy düş­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýer ýü­zü­niň 31 gö­te­ri­mini (4,06 milliard gektar) to­kaý­lyk­lar düzýär.