8-nji fewralda Gruziýanyň parlamenti Irakli Kobakhidzeni täze Premýer-ministr hökmünde tassyklady, şeýle hem ýurduň hökümetiniň düzümini tassyklady.
Maslahatda gatnaşan “Gruzin arzuwy” fraksiýasynyň wekilleri Kobakhidze hem-de onuň wekilçilik edýän Ministrler Kabinetine we “Ýewropa döwletini gurmak üçin” hökümet maksatnamasyna 84 ses bilen ses berdiler.
10 deputat garşy çykdy. Jemi 105 kanun çykaryjynyň gatnaşan bu maslahaty ýapyk görnüşde geçirildi. Täze hökümete ynam bildirmek üçin 150-den 76 ses gerekdi.
-Kobakhidzeniň sözlerine görä, onuň hökümeti gruzin jemgyýetini güýçlendirmek üçin ähli zady eder. Ýaşlaryň watançylyk ösüşine aýratyn üns berler – diýip, Gruziýanyň täze Premýer-ministri belledi.
29-njy ýanwarda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili wezipesinden çekilýändigini habar berdi.