Fransiýaly Rişar Plo sekiz ýyllap otluçöpden Eýfel diňini gurdy. Bu barada “LADBible” neşiri habar berdi. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isläpdir, ýöne onuň arzasy kabul edilmändir.
Rişar Plo Eýfel diňiniň agaç nusgasyny gurmak üçin 8 ýylyny we 700 müň sany otluçöpi sarp edendigini gürrüň berdi. Emma komissiýa otluçöpüň başga görnüşini ulanandygy üçin onuň arzasyny kabul etmändir.
-Rekordlar kitabynyň ülňülerine laýyklykda, ulanylan otluçöpler söwda ulgamynda elýeterli däl bolarly. Olar meniň ulanan otluçöplerimiň satuwda ýok diýen netijä gelipdirler» diýip, fransiýaly gürrüň berýär.
Ýöne muňa garamazdan, jemgyýetçilik torunyň ulanyjylary tarapyndan Rişar Plonyň öwgisi ýetirildi.