1908-nji ýylyň 12-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Ýeriň daşyndan aýlanjak ilkinji awtoýaryşa badalga berildi.
Bering aýlagyndan geçýän transkontinental ýaryş iki neşiriň – Fransiýanyň “Le Matin” hem-de “New York Times” amerikan gazetiniň başlangyjy bilen geçirilýär. ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Awraam Linkolnyň doglan güni mynasybetli geçirilen ýaryş şäheriň “Taýms” meýdançasynda 11:15-de badalga aldy. “Nýu-Ýorkdan Pariže çenli ýaryş” (iňlisçe: 1908 New York to Paris Race) atly bäsleşige АBŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan we Germaniýadan jemi alty awtoulag topary gatnaşdy. German topary “Protos”, italýanlar “Züst”, fransuzlar “Moto-Bloc”, “Sizaire-Naudin” hem-de “De Dion-Bouton” we amerikanlar “Thomas Flyer” awtoulagynda ýaryşa gatnaşdylar. Awtoýaryş Nýu-Ýork – Аlýaska – Sýetl – Wladiwostok – Irkutsk – Açinsk – Tomsk ugurlaryndan geçip, Ýewropanyň üsti bilen Pariže barmalydy. Ilkinji bolup, 26-njy iýulda “Protos” ulagy bilen german topary pellehana – Pariže baryp ýetýär. 30-njy iýulda amerikanlar pellehana barýarlar. Şeýle-de bolsa, amerikan topary ýeňiji diýlip yglan edilýär. Sebäbi german topary awtoulagy bozulansoň, ulagyny Sýetl şäherine demir ýol arkaly äkidendigi üçin 15 günlük jeza berilýär. Italýan topary sentýabrda Pariže baryp ýetýär. Fransuzlar bolsa ýaryşy tamamlap bilmeýär.
Ýaryş wagtynda awtoulaglaryň ählisi bökdençlige sezewar bolýär. Şeýle-de bolsa, şol döwürlerde täze peýda bolup başlan awtoulaglaryň ygtybarlylygyny subut edýär. Şondan köp wagt geçmänkä diňe gurply adamlar üçin elýeterli bolan we lýuks hasap edilýän ulaglar hemmeler üçin elýeterli bolup başlaýär.
Häzirki wagtda “Thomas Flyer” Newada ştatyndaky Harra awtoulag muzeýinde, “Protos” Mýunhendäki tehniki muzeýde saklanýar.