Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, ýaşamak üçin iň döwrebap amatlyklar döredilen sebitde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewralynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.