7-9-njy fewral aralygynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan geçirilen üç günlük okuw maslahatynyň çäginde Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysynyň synag görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
BOMCA 10 maksatnamasynyň ýardam bermeginde “Asman Oky” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan bu programma üpjünçiligi gümrük işgärlerinden başlap telekeçiler, serhetden geçýän ýolagçylar, daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan gümrük serhedinden geçmegiň düzgünleri bilen içgin tanyşmak arkaly gümrük kadalaryny doly we dürs berjaý etmekleri, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirmek üçin gerek bolan wagtyň azaldylmagy üçin niýetlenendir.
Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili, Gullugyň internet saýtyndaky ähli maglumatlary öz içine alýan, şol bir wagtda goşmaça mümkinçilikleri hem hödürleýän bu ykjam goşundynyň peýdaly boljakdygyna belläp geçdi.
Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary, BOMCA 10 maksatnamasynyň 4-nji komponentiniň ýolbaşçysy hanym Ýekaterina Belukowa, BOMCA-nyň Türkmenistandaky milli utgaşdyryjysy Rustam Berdiýew, bu maksatnamanyň Türkmenistandaky assistenti Selimmuhammet Aşyrow gatnaşdylar.
Üç günüň dowamynda bilermenler hökmünde aragatnaşyk we metbugat bilen özara gatnaşyklar boýunça hünärmen Aýgul Bolotowa we Metbugat tälimçisi, halkara bilermen Irina Çistýakowa çykyş etdiler.