2024-nji ýylyň Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Parižde geçiriljek oýunlarda türgenlere niýetlenilýän medallar bilen tanyşdyrdy.
-Altyn, kümüş, bürünç ýaly gymmatly metallara Eýfel diňiniň metaly hem goşulyp, munuň üçin köp zähmet siňdirildi – diýip, üstümizdäki ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange aýtdy.
Altyn medalyň agramynyň 529 grama, kümüş medalyň agramynyň 525 grama, bürünç medalyň agramynyň bolsa 455 grama deň boljakdygy mälim edildi. Her medalyň ortasynda Eýfel diňinden alnan 18 grama golaý demir parçasy ýerleşdiriler.
Mälim bolşy ýaly, Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa, 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda guralar.