2012-nji ýyldan bäri her ýylyň 13-nji fewralynda Bütindünýä Radio güni (World Radio Day) bellenilýär. Bütindünýä Radio gününi bellemek barada 2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň 36-njy maslahatynda karar kabul edilýär. Bu senäniň 1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda BMG-niň Radiosynyň döredilen gününde bellenmegi makul bilinýär. Bütindünýä Radio gününiň aýratyn sene hökmünde bellenilmeginiň esasy maksady, radionyň adamzat durmuşyna ornaşdyran giň mümkinçilikleri barada habar bermekden ybaratdyr. Adamzat durmuşyna ir ornaşan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri bolmak bilen, radio halklaryň we dürli medeniýetleriň arasynda umumy dil tapyşmak we dogry aragatnaşygy ýola goýmak üçin iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.
Radio tolkunlary ilkinji gezek 1886-njy ýylda nemes fizigi Henri Hertz tarapyndan döredilýär. Ilkinji amaly radio geçirijiler we kabul edijiler 1895–1896-njy ýyllarda italýan alymy Gulýelmo Markoni tarapyndan işlenip düzülýär. Şeýlelikde, geçen asyryň başlarynda söwda maksatly radiolar peýda bolýar.