Ispaniýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy oýny Madridde oýnalyp, sanawyň lideri Real öz meýdançasynda 2-nji ýerdäki Žironany kabul etdi. Tutuşlygyna ýer eýeleriniň üstünliginde geçen oýunda “Real Madrid” Winisius Junioryň, Bellingamyň (2) hem-de Rodrigonyň gollary bilen 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň ahyrynda Hoselunyň ýerine ýetiren penaltisi sütünden yzyna gaýtdy. Şunlukda, çempionatda soňky sapar sentýabrda “Real Madridden” (3-0) utulan “Žirona” 15 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy.  Soňky çempion “Barselona” toparyna öz meýdançasynda “Granadany” ýeňmek ýene-de başartmady. 1-nji aýlawda 2-2 tamamlanan duşuşygyň “Barselona” şäherindäkisinde 3-3 deňlik hasaba alyndy. Ýamal (2) hem-de Lewandowskiniň gollaryna, 2 gezek öňe saýlanan myhmanlar Sançes, Pellistti hem-de Mikel gollary bilen jogap berdi. “Sewilýanyň” “Atletikony” Romeronyň ýeke-täk goly bilen ýeňen tapgyrynda iň aşaky orunda barýan we henize çenli ýeňşi bolmadyk “Almeriýa” topary ýene-de ýeňiş gazanyp bilmedi.

Kadiz – Betis: 0-2 (Willian 6, Fornals 46),

Alawes – Wilýarreal: 1-1 (Omorodion 25 – Kuenka 42),

Real Sosiedad – Osasuna: 0-1 (Budimir 49),

Real Madrid – Žirona: 4-0 (Winisius Junior 6, Bellingam 35, 54, Rodrigo 61),

Las Palmas – Walensiýa: 2-0 (Suares 89, Mark Kardona 90+5),

Hetafe – Selta: 3-2 (Maýoral 41, Mata 45+2, 89 – Strand Larsen 71, Aliende 85),

Malýorka – Raýo Wallekano: 21 (Sançes 48, Muriki 90+1 – Alwaro Garsiýa 76),

Sewilýa – Atletiko: 1-0 (Romero 15),

Barselona – Granada: 3-3 (Ýamal 14, 80, Lewandowski 63 – Rikard Sançes 43, Pellistri 60, Mikel 66),

Almeriýa – Atletik: 0-0