14-nji fewralda Indoneziýada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň goranmak ministri Prabowo Subianto sesleriň 57 göterime golaý öňde barýar. Bu barada ýurduň saýlaw toparynyň web sahypasynda habar berildi. Jakartanyň öňki gubernatory Anis Baswedan 24,56% ses bilen ikinji, Merkezi Ýawanyň öňki häkimi Ganjar Pranowo bolsa, 19,46% ses bilen üçünji orunda barýar.
Prabowo Subianto, tutuş ýurtda 50%-den, Indoneziýanyň welaýatlarynyň ýarysynda 20%-den gowrak sese eýe bolsa, birinji tapgyrda ýeňiji hasaplanar. Bu ýagdaýda häzirki döwlet Baştutany Joko Widodonyň ogly Gibran Rakabuming Raka wise-prezident wezipesini eýelär. Eýýäm Prabowo Subianto we Gibran Rakabuming Raka saýlawlarda ýeňiş gazandyklaryny mälim etdiler, ýöne resmi netijelere garaşmaga çagyrdylar.
17 müň adada ýerleşýän Indoneziýada geçirilen saýlawlar dünýädäki iň uly syýasy çäreleriň biri hasaplanyp, ýurtda, takmynan, 205 million saýlawçy bar. Ses berlişik 820 müňden gowrak saýlaw uçastogynda geçirildi. Saýlanan Prezident we wise-prezident oktýabr aýynda wezipesine girişer.
Prezident saýlawlary bilen bir wagtda geçirilen parlament saýlawlarynda Indoneziýanyň Demokratik göreş partiýasy ýeňiş gazandy. Häzirki Prezident Joko Widodo bu partiýanyň agzasydyr. Häzirki döwlet Baştutany Joko Widodo 10 ýyl bäri Prezident wezipesini eýeläp, üçünji möhlete dalaş etmäge hukugy ýok.
Indoneziýa Respublikasy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän döwlet bolup, 274 milliona golaý ilaty bar. Ýurt 34 sany dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Ýurt Malaý arhipelagynda ýerleşip, onuň kenarlaryny Ýuwaş we Hindi ummanlary ýuwýar. Ýurt 1945-nji ýylyň 17-nji awgustynda garaşsyzlygyny jar edýär.