13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilen uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Işewür döwlet Baştutanymyza hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça geçirilen netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.