bilelikde Telekeçi zenanlaryň akademiýasyna gatnaşmak üçin seçip alyş işini geçirýär.
Akademiýanyň çäklerinde okuw möwsümi şu ýylyň mart – maý aýlary aralygynda dowam eder. Okuwlar işewürlik başlangyçlary durmuşa geçirmek, şowly telekeçilik işi üçin zerur bolan bilimleri özleşdirmäge amatly mümkinçilik bolup hyzmat eder.
Okuwlara Aşgabatdan, Marydan, Daşoguzdan we Türkmenabatdan gatnaşyjylar işewürlik boýunça onlaýn okuw maksatnamasyny geçerler, şahsy gatnaşyk görnüşinde işewürlik meýilnamasyny taýýarlarlar hem-de ony paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji çärede tanyşdyrarlar.
25 ýaşdan geçmedik we iňlis dilini gowy bilýän okuwlara gatnaşmaga isleg bildirýänler 22-nji fewrala çenli degişli resminamany dolduryp tabşyrmalydyrlar.