ABŞ-nyň dolandyryşy saglygy goraýyş ulgamynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen täze karary kabul etdi. Resminama laýyklykda, agyr şertlerde işleýän raýatlaryň we harby gullukçylaryň ruhy saglygyny goramak üçin döwrebap derman serişdeleriniň täsirini öwrenmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Donald Tramp degişli pudak ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren duşuşygynda lukmançylyk ylmynyň öňünde duran päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň zerurdygyny belledi. Täze kabul edilen karar döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alşygyny çaltlandyrmaga we täze nesil derman serişdeleriniň kliniki synaglaryny netijeli geçirmäge şert döreder.
Bellenilip geçilişi ýaly, bu başlangyç esasan depressiýa we dowamly stres ýaly ýagdaýlardan ejir çekýän adamlara kömek bermegi maksat edinýär. Häzirki wagtda hünärmenler tarapyndan derman serişdeleriniň adamyň saglygyna ýetirip biljek täsirleri we olaryň lukmançylykda ulanylyşynyň ylmy esaslary jikme-jik öwrenilýär.
Esasy Dünýä täzelikleri ABŞ-da saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça täze çäreler bellenildi
PDF









