12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar.
Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanyp, tutuş halkymyzy begendiren futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, janköýerler şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler “Arkadag” toparynyň gazanan ýeňşiniň Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty ösdürmek babatda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidigini nygtadylar.
“Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow öz toparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara sport ýaryşynda çempion bolmagyň, abraýly Kubogy gazanmagyň miýesser edendigini belledi.
Ol Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Arkadag şäherinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, esaslandyrylanyna köp wagt geçmedik, «Arkadag» adyny uly buýsanç bilen göterýän toparyň gazanýan ýeňişleriniň munuň aýdyň güwäsidigini nygtady. “Futbol toparymyz AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmak bilen, Kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Şu taryhy günde toparymyzyň agzybir türgenleridir tälimçileri, hünärmenleri bolup, ýaryşda gazanylan pul baýragyny Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýüz tutup bermegiňizi Sizden haýyş edýäris” diýip, A.Amanow Arkadag şäheriniň häkimine ýüzlendi.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde “Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow täze şäheriň futbolçylarynyň abraýly halkara ýaryşda çempion bolmagy bilen gazanan Kubogyny Arkadag şäheriniň häkimligine uly hormat bilen gowşurdy.
Soňra “Arkadag” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Tälimçilerdir türgenler toparyň gazanan ýeňşine berlen ýokary baha üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Türgenler Milli Liderimiziň: “Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!” diýen jümlesinden ruhlanyp, halkara ýaryşlarda mundan beýläk-de üstünlikli çykyş etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň hormatyna belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlara, joşgunly tanslara giň orun berildi. Aýdym-sazlarda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşleri, milli sportumyzyň üstünlikleriniň waspy öz beýanyny tapdy.
Dabara köpöwüşginli feýerwerk bilen utgaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň milli sportunyň belent derejelere ýetmegi, “Arkadag” futbol toparynyň uly ýeňiş gazanmagy mynasybetli guralan dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.