Remezan aýy musulman dünýäsinde mukaddes aýlaryň biri hasaplanýar. Çagajyklaryň «Ýa, Remezan!» diýip, bu nurana aýyň ýetip gelendigini buşlamagy bilen olara söýünji berilýär, agyz beklenip, ýagşy arzuw-umytlar edilýär. Agyz beklemek adaty iýmitlenişden tapawutlylykda, belli bir wagt aralygynda iýip-içmekden saklanmakdyr. Agyz beklemek pikiriň täzelenmegi, akylyň durlanmagy ýaly ruhy taýdan peýdaly bolmak bilen bir hatarda, saglyk üçin hem ähmiýetlidir.
Agramy azaltmaga kömek edýär. Geçirilen barlaglarda agyz beklemegiň bedeniň agramyny 9 göterime çenli ýeňledýändigi ýüze çykaryldy. Adamyň ösüş gormony (HGH) tebigy ýagdaýda bedende öndürilýär we gan aýlanyşygy esasynda dokumalara barýar. Agyz beklenende HGH-niň köp mukdarda bölünip çykmagy esasynda artykmaç ýag ýakylýar. Bu bolsa artykmaç agramdan dynmaga, bedeniň myşsalarynyň güýçlenmegine we çeýeliginiň artmagyna kömek edýär.
Öýjükleriň dikelmegine kömek edýär. Agyz beklemek bedeniň öýjükleri gaýtadan işlemek ulgamyny herekete getirip, bedendäki köne öýjükleri döwmäge we gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýda adam bedeni öýjük galyndylaryndan doly arassalanýar.
Insuliniň derejesini kadalaşdyrýar. Agyz beklemek bedendäki uglewodyň we gandaky şekeriň derejesini durnukly ýagdaýda saklamaga hem-de ýag massasyny azaltmaga kömek edýär. Bilermenler süýjüli diabetden ejir çekýän adamlara agyz beklemegiň oňaýly täsir edýändigini belleýärler. Şeýle ýagdaýda bedeniň insuline garşy duýgurlygy artýar hem-de göreşijilik ukyby güýçlenýär.
Beýnini güýçlendirýär. Agyz beklemek nerw bozulmalarynyň öňüni alyp, nerw öýjükleriniň dikelmegine we täzelenmegine ýardam edýär. Bu bolsa beýniniň işini gowulandyrýar.
Garrylyk alamatlaryny haýalladýar. Geçirilen barlaglarda agyz bekleýän adamlaryň uzak ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Bu, esasan, agyz beklemegiň aşgazan-içege ulgamynyň işini ýeňilleşdirýändigi, ýürek-damar ulgamyny we gan basyşyny kadaly derejede saklaýandygy hem-de bedende artykmaç agramyň bolmazlygy bilen düşündirilýär.