Tebigy täsinlik

Ka­na­da­nyň Bri­ta­ni­ýa Ko­lum­bi­ýa­sy­ sebitiniň Wells Greý se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de Helm­ken şag­la­wu­gy ýer­leş­ýär. Se­ýil­gä­he gi­ren ba­dy­ňa se­ni go­wa­ga meň­zeş dag ger­şin­den aşak­ly­gy­na ak­ýan owa­dan şag­la­wuk gar­şy al­ýar. 141 metr be­lent­lik­den aşak in­ýän Helm­ken şag­la­wu­gy Ka­na­da­nyň iň be­ýik dör­dün­ji şag­la­wu­gy ha­sap­lan­ýar. Murt­le der­ýa­sy­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän bu şag­la­wuk se­ýil­gä­hiň iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu der­ýa­da Helm­ken bi­len bir­lik­de ýe­ne-de 6 şag­la­wuk (Maş­bo­ul, Dou­son, Ma­je­rus, Hors­şu, Me­ado­w, Mak­Du­gall) bar.
Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Helm­ken şag­la­wu­gy 10 müň ýyl mun­dan ozal – soňky Buz döwründe eme­le ge­lip­dir. Helm­ken şag­la­wu­gy tom­su­na uly joş­gun bi­len akyp, daş-tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý­lyk­lar we ga­ýa­lar bi­len bi­le­lik­de owa­dan gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Gy­şy­na buz ko­nu­sy­na öw­rül­ýän bu şag­la­wu­gyň be­ýik­li­gi 50 met­re çen­li ki­çel­ýär. Şol se­bäp­li sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si Wells Greý se­ýil­gä­hi­ne tom­su­na bar­ýar­lar.
Wells Greý se­ýil­gä­hin­de şag­la­wuk­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­mak bi­len bir ha­tar­da, py­ýa­da ýö­re­mek, at­ly ge­ze­lenç et­mek, suw­da ýüz­mek, ly­ža­da typ­mak we buz­da ba­lyk tut­mak ýa­ly güý­men­je­ler hö­dür­le­nil­ýär. Ka­na­da­nyň iň owa­dan kan­ýo­nynda ýerleşýän Helm­ken şag­la­wu­gy­na ga­ra ýol ar­ka­ly aň­sat­lyk bi­len ba­ryp bol­ýar.