Soňky ýyllarda futbol oýunlarynda şarf dakynmak ýörgünli däbe öwrüldi. Tomus ýa-da gyş aýlarydygyna garamazdan, futbol janköýerleriniň boýnunda dürli reňkli şarflary görmek bolýar. Janköýerleriň käbiri uzyn matany boýnundan asýan bolsa, käbiri egnine atýar, käbiri bolsa aýdym-sazyň owazyna howada galgadýar. Futbol oýnuna gatnaşanyňyzda ýa-da göni ýaýlymda syn eden wagtyňyz müňlerçe adamyň janköýerlik edýän futbol toparynyň şarfyny dakynyp, stadiona barýandygyny gören bolsaňyz gerek. Toparlar meýdança girende, milli sena ýaňlananda, gol geçirilende we tolgundyryjy pursatlarda tomaşaçylar şarflaryny ýokary göterip, täsirli gurşawy emele getirýärler. Eýsem, 100 ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edýän bu däbiň manysy näme?!
Futbolyň Watany hasaplanýan Angliýada 1900-nji ýyllarda häzirkiler ýaly futbol toparlarynyň ýörite dükanlary, futbol egin-eşikleri we reňkli köýnekçeler bolmandyr. Stadionlary doldurýan janköýerleriň aglabasy işçiler bolup, iş eşiklerinde (gara we çal eginbaşlar) futbol oýunlaryna tomaşa etmäge barypdyrlar. Janköýerler Angliýada gyşyň aşa sowuk gelýändigi sebäpli, üşemezlik üçin ýüň şarflary dakynypdyrlar. Ilkibaşda adaty zat ýaly görnen ýüň şarflar wagtyň geçmegi bilen ýörite nyşana öwrülýär. Janköýerler öz toparlaryny alamatlandyrýan nyşanlary gözläp ugraýarlar. Şeýlelikde, olar öýünde klubyň reňkini görkezýän ýüň şarflary örüp başlaýarlar. Gelin-gyzlar tarapyndan elde örülen ilkinji janköýer şarflary çal we gara eşikli müňlerçe adamyň arasynda kimiň haýsy topary goldaýandygyny görkezýän ilkinji mahabat bolýar. Wagtyň geçmegi bilen dürli reňkli ýüň şarflar diňe gyşda däl, ýylyň islendik wagtynda hemme oýunlarda dakylyp başlanýar. 1970-nji ýyllarda dokma senagatynda «Men bu kluba degişli» diýen manyny aňladýan ýüň şarflaryň köpçülikleýin önümçiligine girişilýär. Dokma maşynynda örülen şarflar has aýdyň, ýeňil hem ýuka bolup, uzyn matalara futbol toparlarynyň ady, nyşanlary, meşhur oýunçylaryň atlary, klublaryň şygarlary ýerleşdirilip başlanýar.
Ilkibaşda sowukdan goranmak üçin dakylan janköýer şarflary tomaşaçy bilen futbol toparynyň arasyndaky baglanyşygy, wepalylygy, jemgyýetçilik duýgusyny we haýsy millete degişlidigini görkezýän nyşana öwrüldi. Häzirki wagtda futbol şarflarynyň çempionatlary, derbileri, Ýewropa kuboklaryny we finallary alamatlandyrýan dürli görnüşleri bar. Janköýer şarflary ýyllarboýy saklanyp, şahsy kolleksiýanyň bir bölegine öwrülýär. Hatda Ýewropa ýurtlarynda köne şarfy nesilden-nesle miras geçirmek däbi hem bar.
Ýakynda iňlis ägirdi «Mançester Siti» «Cisco» tehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, «Baglanyşykly Şarf» taslamasyny işläp düzdi. Bu «akylly» şarflar ýörite biosensorlaryň kömegi bilen oýnuň dowamynda tomaşaçynyň tolgunma pursadyny, ýürek urşuny, beden temperaturasyny, stres derejesini we ş.m. bellige alýar.
PDF









