«Airbus» kompaniýasy ýolagçy uçarlary üçin ýangyjy tygşytlaýan «Wing of Tomorrow» taslamasyny hödürledi. Kompozit materiallardan ýasaljak ganatlar howanyň garşylygyny durnuklaşdyryp, zyňyndylary 10 göterimden gowrak azaltmaga mümkinçilik berýär. Uçarlar aeroportlarda giň meýdany tutmazlygy üçin gonandan soň olaryň uçlary ýokarlygyna eplener. Täze dizaýndaky ganatlaryň synag uçuşlary ýakyn üç ýylyň içinde geçiriler.