Bütindünýä syýahat we syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) hasabatyna görä, 2025-nji ýyl Merkezi Aziýa dünýäde syýahatçylyk pudagy iň çalt ösýän sebit hökmünde ykrar edildi. Degişli döwürde pudagyň sebitiň jemi içerki önümine (JIÖ) goşan goşandy bir ýylda 17,7 göterim artyp, bu ugurda ähli sebitleriň arasynda iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy.

Geçen ýylda syýahatçylyk pudagy Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine 20,1 milliard amerikan dollary möçberinde peýda getirip, sebitiň JIÖ-niň 4,3 göterimini üpjün etdi. WTTC-niň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda bu görkezijiniň 21,7 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. Munuň özi 2019-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, syýahatçylygyň ykdysadyýete goşan goşandynyň 27,1% artandygyny görkezýär. Sebitde syýahatçylyk çykdajylarynyň umumy möçberi 15,4 milliard dollara ýetip, munuň 9,9 milliardy daşary ýurtly syýahatçylaryň, 5,5 milliardy bolsa içerki syýahatçylaryň paýyna düşdi. Çykdajylaryň agramly bölegi, ilki bilen, dynç alyş we göwün açyş ugurlaryna gönükdirildi.

Pudagyň ösüşi zähmet bazaryna hem oňyn tasirini ýetirdi. 2025-nji ýylda sebitiň syýahatçylyk pudagynda 1,7 million adam zähmet çekip, iş bilen üpjünçilik öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2036-njy ýyla çenli bu görkeziji 2,2 million iş ornuna ýeter. Mundan başga-da, syýahatçylyk infrastrukturasyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 12,4 göterim artyp, Merkezi Aziýa bu ugurda dünýäde öňdebaryjy üç sebitiň hataryna girdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda sebit ýurtlaryna gelen syýahatçylaryň agramly bölegini goňşy döwletleriň raýatlary düzdi. Ýagny syýahatçy akymynyň 29 göterimi Gazagystana, 22 göterimi Özbegistana, 20 göterimi Russiýa Federasiýasyna, 19 göterimi Gyrgyz Respublikasyna, 2 göterimi Hytaýa hem-de 8 göterimi dünýäniň beýleki ýurtlaryna degişlidir. Hasabatda Özbegistanyň medeni-bilim syýahatçylygynda öňdebaryjy ornuny saklaýandygy, Gazagystan bilen Gyrgyz Respublikasynyň bolsa degişli infrastrukturany işjeň ösdürýändigi barada bellenilýär.