“Apple” kompaniýasy 1-nji sentýabrdan başlap, Jon Ternusyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy wezipesini (CEO) kabul edip aljakdygyny mälim etdi. Tim Kuk bolsa, dolandyryjylar geňeşiniň başlygy wezipesini alyp barar. Dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýasynyň Enjamlaşdyryş bölüminiň başlygy Jon Ternus bu wezipäni 2021-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýär. Ternus 25 ýyldan bäri “Apple”-de harytlary işläp taýýarlamak ugrunda zähmet çekýär. Ternusyň häzirki wezipesini orunbasary Tom Marýeb kabul eder. 65 ýaşly Tim Kuk täze wezipesinde halkara hyzmatdaşlygyna has köp üns berer. Tim Kukuň geçjek wezipesini uzak wagtdan bäri Art Lewinson alyp barýar.