«Ak şäherim Aşgabat» halkara köpugurly sergisi geçiriler

12

Azi­ýa­nyň mer­je­n şäheri Aş­ga­bat dün­ýä­niň iň owa­dan we ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň we döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýär. Paýtagtymyz ak mer­mer­li bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň iň köp jem­le­nen şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip, ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na «Dizaýn» ugry boýunça go­şu­lan paý­tagt hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu ýyl gö­zel­li­gi we gur­lu­şyk ul­ga­myn­da­ky üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan paý­tag­ty­myz şan­ly se­nä­ni – «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» hal­ka­ra kö­pu­gur­ly ser­gi­si­niň we mas­la­ha­ty­nyň çär­ýek asyr­lyk ýu­bi­le­ýi uly da­ba­ra­lar bi­len gar­şy­la­ýar.
Bu hal­ka­ra çä­re di­ňe bir ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň je­mi­ni gör­kez­män, eý­sem, Aş­ga­ba­dyň gel­jek­ki ösü­şi­niň bin­ýa­dy­ny goý­ýan mö­hüm meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Hal­ka­ra ser­gi­niň eks­po­zi­si­ýa­la­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi, şä­her do­lan­dy­ry­şy­na in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň or­naş­dy­ry­ly­şy aý­dyň şöh­le­len­di­ril­ýär. Ser­gi­de mil­li we da­şa­ry ýurt­ly öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­lar öz­le­ri­niň iň döw­re­bap tas­la­ma­la­ry­ny, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny we teh­no­lo­gik çöz­güt­le­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler. Ýa­şa­ýyş we dur­muş dü­zü­mi: Aş­ga­ba­dyň lo­wur­dap du­ran tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň, döw­re­bap mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry ser­gi­niň öze­ni bo­lup dur­ýar. «Akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­lar: Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ul­gam­la­ryň, ener­go-tyg­şyt­ly bi­na­la­ryň we san­ly şä­her do­lan­dy­ryş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Ýa­şyl şä­her: Paý­tag­ty­my­zyň eko­lo­gik ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ýan se­ýil­gäh­le­riň, se­ýil­gah zo­lak­la­ry­nyň we çüw­dü­rim­ler top­lum­la­ry­nyň tä­ze tas­la­ma­la­ry we ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek iş­le­ri ser­gi­de giň­den gör­ke­zil­ýär.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len ar­hi­tek­tor­la­ry, in­že­ner­le­ri, gur­lu­şyk­çy­la­ry we ma­ýa­dar­la­ry bir ýe­re jem­le­ýär. Du­şu­şyk­lar­da hä­zir­ki za­man şä­her­gur­lu­şy­gy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri, şä­her ila­ty­nyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we eko­lo­gik dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça tej­ri­be al­şyl­ýar.
Mas­la­ha­ta gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler Aş­ga­ba­dyň gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy­na, şeý­le hem mil­li bi­na­la­ryň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ut­gaş­dy­ry­ly­şy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Bu ýer­de bag­la­şyl­ýan tä­ze şert­na­ma­lar we yla­la­şyk­lar ýur­du­my­zyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha ber­ke­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
XXV kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi we mas­la­ha­t paý­tag­ty­my­zyň di­ňe bir se­bi­tiň däl, bü­tin dün­ýä­niň iň döw­re­bap we nus­ga­lyk şä­he­ri­ne öw­rül­mek ug­run­da­ky ga­dam­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Bu çä­re ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­le­riň we şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer.Ak mer­mer­li şä­he­ri­miz Aş­ga­bat owa­dan­ly­gy, in­no­wa­si­on ösü­şi we myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len hem­me­le­ri özü­ne ben­di et­me­gi­ni do­wam ed­ýär.

Ogulnabat ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.