Tebigy täsinlik
Dünýäde tebigy ýagdaýda emele gelen we görenleri haýran galdyrýan täsinlikleriň birnäçesi bar. Bu täsinlikleri göreniňde öz-özüňe «Nädip emele geldikä?» diýen sowaly bereniňi duýman galýarsyň. Gazetimiziň her sanynda sizi dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän tebigy täsinlikler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Saud Arabystanynyň Taýma oazisiniň 50 kilometr günortasynda täsin bir ýagdaýa duş gelmek bolýar. Bu ýerde pyçak bilen deň ikä bölünen ýaly iki bölek uly daş müňlerçe ýyl bäri ýykylmazdan, deňagramly ýagdaýda saklanyp dur. Bu daşa Al-Naslaa gaýasy diýilýär.
Gumak ýerde äpet daşyň tebigy ýagdaýda peýda bolmagy geň galdyryjydyr. Çöl peýzažynda täsin gözelligi emele getirýän
Al-Naslaa gaýasy müňlerçe ýyl mundan ozal bolup geçen geologik hadysalaryň netijesinde ýüze çykypdyr. Alymlar bu gaýanyň ýel eroziýasy we çygly howa şerti esasynda emele gelendigini çaklaýarlar. Beýikligi 6 metre, göwrümi 9 metre ýetýän äpet daşyň günorta-gündogar ýüzünde köp sanly petroglifler (oýulyp çekilen gaýa suratlary) bar. Petrogliflerde arap atlarynyň, dag geçileriniň we adam şekilleriniň müňlerçe ýyllyk şekili görkezilýär. Alymlar oýulyp çekilen gaýa suratlaryndan çen tutup, bu ýerde müňlerçe ýyl ozal ýaşaýşyň bolandygyny we siwilizasiýanyň ösendigini belleýärler. Taryhy maglumatlarda bu ýerde göçüp-gonup ýören taýpalaryň ýaşandygy we awçylyk bilen meşgullanandygy bellenilýär.
Al-Naslaa gaýasy diňe bir tebigy täsinlik bolman, eýsem, araplaryň medeni we arheologik nyşanydyr. Bu äpet daş sebitiň gadymy durmuşyny, ynançlaryny we tebigy gurşawyny beýan edýän taryhy ýadygärlikleriň biridir. Her ýyl müňlerçe syýahatçy we arheolog bu syrly hem-de täsin daşy görmek üçin Saud Arabystanyna barýarlar.
PDF









