Alžiriň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Milli halk mejlisi sişenbe güni taryhynda ilkinji gezek başlyklyga zenan saýlady diýip, “Le Figaro” gazeti habar berdi.

Ýagny döwletde dördünji ýokary wezipä parlamentiň Alžir welaýatynyň deputaty, asyl käri lukman Halida Bufedeş saýlandy. Ol ýurduň Garaşsyzlygynyň gözbaşlarynda duran taryhy partiýanyň –Milli azat ediş frontunyň agzasydyr. Soňky gezek geçirilen parlament saýlawlarynda bu partiýa mümkin bolan 407 ornuň 91-sini gazanmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, Alžiriň parlamentinde zenanlaryň wekilçiligi pes derejededir, ýagny bary-ýogy 25 sany zenan deputat bar.