Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde 17-19-njy aprel aralygynda “Gelejegi kemala getirmekde näbellilikleri dolandyrmak” şygary astynda bäşinji Antalýa diplomatik forumy (ADF2026) üstünlikli geçirildi. Bu abraýly çärä dünýäniň 150 ýurdundan we 66 halkara guramasyndan jemi 6400-den gowrak wekil, şol sanda 23 döwlet we hökümet Baştutany, köp sanly ministrler hem-de bilermenler gatnaşdy. Forumyň çäginde dünýä diplomatiýasynyň möhüm meseleleri, sebitleýin durnuklylyk we ykdysady hyzmatdaşlyk barada giňişleýin pikir alşyldy.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň jemleýji metbugat maslahatynda bellemegine görä, üç günüň dowamynda geçirilen 52 sany dürli derejeli sessiýalarda häzirki zaman krizisleriniň öňüni almak we ählumumy howpsuzlygy berkitmek meselelerine garaldy. Forumyň dowamynda sebit döwletleriniň öz meselelerini özbaşdak we agzybir çözmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de, sebitde parahatçylygy dikeltmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan diplomatik tagallalar, şol sanda transport we energetika geçelgelerini ösdürmek arkaly ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Forumda esasy üns halkara gatnaşyklaryndaky durnuklylyga, ynsanperwerlik meselelerine we döwletler arasyndaky özara düşünişmäniň güýçlendirilmegine gönükdirildi. Hususan-da, söwda we energetika howpsuzlygy üçin strategik ähmiýetli ulag ýollarynyň, täze demir ýol hem-de gury ýer geçelgeleriniň gurluşygynyň sebitara integrasiýasyna goşjak goşandy barada durlup geçildi. Çykyşlarda parahatçylykly dialogyň we gepleşikleriň islendik gapma-garşylygy çözmegiň ýeke-täk we netijeli ýoludygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Gatnaşyjylar bu çäräniň ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe hyzmat edýän möhüm meýdançadygyny bellediler.