14-nji awgustda Arkadag şäherindäki «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasy berildi. Ol döwrebap şäheriň täze metjidiniň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanşanyndan soň, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Arkadag şäherinde bina edilýän 30 müň adama niýetlenen metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli tertipde resmileşdirilendigi baradaky hoş habar ýetirildi.
Sadakada Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Onda ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň agzybirligi we saçaklarynyň rysgal-berekede baý bolmagy, Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi, Arkadag şäheriniň metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagynyň gutly-mübärek bolmagy, metjidiň halkymyzyň abadançylygynyň, agzybirliginiň we ruhy bitewüliginiň bähbidine hyzmat etmegi dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşan ýaşulular bu ýerden Gökdepe metjidine ugradylar. Olar bu mukaddes ýerde uly sogaply juma namazyny okadylar. Toý sadakasyndaky iň päk we ýagşy arzuw-dilegler juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ol ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrundaky tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezdi. Gökdepe metjidinde agzybirlik bilen juma namazynyň okalmagy gadymy milli däbiň we musulmançylyk borjunyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Şol günki juma namazynda-da mukaddes Gurhandan aýatlar okalyp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň agzybir, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli giň gerimli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.
PDF








