UEFA Ýewropa Ligasynyň häzirki ýeňijisi “Aston Willa” topary düzümine Dünýä Kubogynda şowly çykyş eden şweýsariýaly Ýohan Manzambini goşdy. Iňlis kluby 20 ýaşyndaky ýarymgoragçynyň transferi üçin “Aýntraht” (Germaniýa) toparyna goşmaçalar bilen 70 million ýewro berer. Täze toparynda 44-nji belgili köýnekçäni geýjek 6 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Aston Willanyň” taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy.

Manzambi “Aýntrahtda” 2 möwsümde 58 oýunda 9 gol geçirdi. Şweýsariýanyň milli toparynda 16 oýunda 6 gol geçiren Manzambi şolaryň 3-sini şu Dünýä Kubogynda derwezä girizdi.