Ajaýyp zamanamyzda medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere beslenýär. Halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, geljekki nesillerimize ýetirmäge we mundan beýläk-de baýlaşdyrmaga, däp-dessurlarymyzy, ruhy-ahlak ýörelgelerimizi öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň iň oňat däplerini ösdürmäge, halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklaryny dünýä çykarmaga mümkinçilik döredýär. Şonuň netijesinde bu günki gün Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, medeniýet, sungat köprüsini gurup, dost-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny dünýä ýaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlar, sergiler, festiwallar ata Watanymyzyň ýeten belent derejesini, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýüzüne aýan edýär.
Şu ýylyň iýun aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza – dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler. Halkara festiwalyň esasy maksady dünýä halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan, olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Halkara festiwal ýurdumyzda öň hem birnäçe gezek geçirildi. Tans we folklor festiwalynda köp öwüşginli çäreler geçirilýär. Bu festiwal türkmen halkynyň baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen wekilleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Awaza – bagtyň mekany. Bagt bolsa parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, sagdynlygyň bar ýerinde, şol ajaýyplyklaryň jemlenýän ýerinde peýda bolýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä syýahatçylygynyň merjeni bolmak bilen birlikde, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýan, şol gatnaşyklarda täze sahypalaryň açylýan, täze mümkinçiliklere badalga berilýän mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolmagy Milli Liderimiziň başyny başlan parasatly döwlet syýasatynda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyndan, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen türkmen döwletiniň abraý-mertebesi, şan-şöhraty belende galýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň goldanylmagy halkara abraýynyň ykrarnamasydyr. Eziz Diýarymyz halkara derejesinde, özi-de halklaryň ösüşine hem abadançylygyna, asudalygyna gönükdirilen maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän, dünýä möçberinde ylalaşyklaryň gazanylýan ýerine öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreler munuň subutnamalary boldy.
Gojaman Hazaryň kenarynda döredilen, dünýä syýahatçylygynyň merjeni bolan Awazada geçirilen halkara çäreler sanardan kän. Olardan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly, sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti, çagalaryň halkara festiwallary we dürli sport çärelerini aýdyp bolar. Awazada bolup geçen festiwallar, duşuşyklar, sammitler, maslahatlar, sergiler, kongresler Gahryman Arkadagymyzyň: «Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň özboluşly köprüsi bolmak bilen, Türkmenistan halkara derejede söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar» diýen sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Miwe ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.