Tomus pasly syýahat etmek we dynç almak üçin ajaýyp möwsümdir. Bu möwsümde syýahatçylaryň, ýurdumyzdaky dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de çagalaryň dynç alyş möwsümi başlaýar. Tomus paslynyň dynç alyş günlerini her bir adamynyň peýdaly geçirmegi olaryň saglygy we işjeňligi üçin zerurdyr. Dynç almagyň oňaýly şertleri fiziki we psihiki saglygy dikeltmek üçin ekologiýa taýdan arassa gurşawy, dogry iýmitlenmegi, işjeň hereketi hem-de şypahana bejergilerini öz içine alýar. Beden we ruhy taýdan doly dynç almak üçin aşakdaky esasy şertleri berjaý etmek möhümdir.
Dogry iýmitlenmek: Witaminlere baý we ter gök önümleri iýmek bedeniň energiýasyny artdyrýar. Saglygy dikeltmek: Şypahanalarda ýa-da tebigatda arassa howada bolmak dem alyş we nerw ulgamyny gowulandyrýar. Işjeň hereket: Bedenterbiýe bilen meşgullanmak, suwa düşmek ýa-da gezelenç etmek myşsalary berkidip, işjeňligi ýokarlandyrýar.
Ekologiýa arassalygy: Daş-töweregiň asuda bolmagy we ýaşyl zolaklar psihiki rahatlygy üpjün edýär.
Şu günler zähmet rugsadynda bolýän ildeşlerimiziň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýar. Munuň üçin syýahatçylyk zolagynda amatly şertler bar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli myhmanhanalaryň, dynç alyş toplumlaryň, durmuş maksatly beýleki wajyp desgalaryň onlarçasynyň taslamalary amala aşyryldy. Bu ýerde ulag hyzmatlarynyň hili hem örän ýokary derejede. Türkmenbaşy şäherinde gurlan Halkara howa menzili «Awazanyň» howa derwezesi bolup hyzmat edýär. Gojaman Hazar deňziniň howasy şypaly kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hem Watanymyzyň gözelligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Awaza» häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleri, myhmanhanalary, sport desgalary, seýilgähleri bilen meşhurlyga eýedir. Awazanyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ildeşlerimiz dynç alyş günlerini gyzykly we netijeli geçirýärler. Döwrümiziň ajaýyplyklarynyň hözirini görüp dynç alýan, saglygyny berkidýän ähli watandaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözlerini aýdýarlar.
Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy.
PDF









