To­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de köp­ler aw­tou­lag­ly haý­sy­dyr bir te­bi­gy kün­jek­le­re ýa-da de­ňiz ke­na­ry­na dynç al­ma­ga gid­ýär­ler. Aw­tou­lag­ly uzak ýo­la ge­ze­len­je çy­ky­lan­da sy­ýa­ha­tyň şow­ly we tä­sir­li ta­mam­lan­ma­gy üçin kä­bir zat­la­ra üns ber­me­li.
Ula­gy göz­den ge­çir­mek. Ýo­la çyk­maz­dan ozal ula­gy aw­tou­lag us­sa­la­ry­nyň gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çir­me­li. Esa­san hem, aw­tou­la­gyň so­wa­dy­jy ul­ga­my­ny, ti­gir­le­ri­ni we ak­ku­mul­ýa­to­ry­ny do­lu­ly­gy­na göz­den ge­çir­me­li. Ow­nuk-uşak ýer­le­ri­ne çen­li be­jer­dip, ze­rur bo­lan äti­ýaç­lyk şaý­la­ry alyp, soň­ra ýo­la çyk­ma­ly.
Ün­si sow­ýan zat­la­ry azalt­mak. Uzak ýo­la çy­ky­lan­da te­le­fon, aý­dym-saz, de­giş­me­li gür­rüň­ler ýa­ly sü­rü­ji­niň ün­sü­ni sow­ýan zat­la­ry azalt­ma­ly.
Uky­ňy al­mak. Uku­syz ýo­la git­mek we ula­gy do­lan­dyr­mak örän howp­ly bo­lup, dür­li ýag­daý­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Şol se­bäp­li sü­rü­ji we ýo­lag­çy­lar uzak ýo­la ge­ze­len­je çyk­maz­dan ozal, do­ly de­re­je­de uk­la­ma­ga hem-de dynç al­ma­ga ça­lyş­ma­ly.
Ýe­ter­lik suw al­mak. Ýo­la çyk­ýan ada­myň ýa­nyn­da hök­ma­ny ýag­daý­da suw bol­ma­ly. Suw ýol­da ün­sü­ňi jem­le­mä­ge, özü­ňi dür­se­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ýol­da gi­dip bar­ýar­kaň suw iç­mek tol­gun­ma­la­ry azalt­ma­ga, ýi­ti­ril­ýän su­wuk­ly­gyň öwe­zi­ni dol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
So­wa­dy­jy ul­ga­my dog­ry iş­let­mek. Uzak­ly gün aw­tou­la­gyň so­wa­dy­jy ul­ga­my­nyň ýü­zü­ňe, boý­nu­ňa ýa-da aýa­gy­ňa bak­dy­ry­lyp goýulmagy, myş­sa ul­ga­my­nyň so­wuk­la­ma­gy­na we agy­ry­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Şol se­bäp­li ula­gyň so­wa­dy­jy ul­ga­my­ny ka­da­ly de­re­je­de iş­le­dip, özü­ňe däl-de, ýo­ka­ry ýa-da gap­dal ta­rap­la­ra bak­dyr­ma­ly.
Äý­nek ulan­mak. Uzak wagt­lap Gü­nüň ýi­ti şöh­le­si­niň tä­si­rin­de aw­tou­la­gy do­lan­dyr­mak gö­zi ýa­da­dyp ýa-da ga­maş­dy­ryp bil­ýär. Bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin gö­zü­ňe la­ýyk gel­ýän we ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si­ne gar­şy äý­nek ulan­ma­ly.
Bel­li ara­lyk­da dynç al­mak. Uzak ýo­la gi­dip bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bel­li bir ara­lyk­lar­da 5 mi­nut­lyk sak­la­nyp, eý­läk-beý­läk ýö­re­me­gi, bi­raz dynç al­ma­gy mö­hüm­dir. Çün­ki uzak wagt­lap aw­tou­lag­da he­re­ket­siz otur­mak gan aý­la­ny­şy­na we be­den ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Der­man gu­tu­sy­ny ýat­dan çy­kar­maz­lyk. Uzak ýo­la çy­ky­lan­da ýü­rek bu­lan­ma, ba­şaý­lan­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Şol se­bäp­li il­kin­ji kö­me­gi ber­mek üçin der­man gu­tu­sy­ny ýa­nyň bi­len al­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.