Soňky ýyllarda başga sebitde ýetişýän täsin miweleri iýmek ýoň boldy. Her ýyl dekabr aýynyň (gyş pasly) gelmegi bilen öň görlüp-eşidilmedik miweler bazarlardyr söwda merkezleriniň bezegine öwrülýär. Muňa mango, ananas, kokos, kiwi, santol, papaýa, aždar miwesi, ýyldyz miwesi, liçi, mangostan, muşmula, rambutan ýaly miweleri mysal getirmek bolar. Täsin miweleriň aglaba bölegi Uzak Gündogar we Okeaniýa döwletlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Mähriban çagalar, gazetimiziň her sanynda sizi täsin miweler bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Geliň, onda aždar miwesi baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!
Halk arasynda aždar miwesi diýlip tanalýan bu miwä ylmy dilde «Hylocereus undatus» diýilýär. Pitahaýýa hem diýilýän gulpakly miwäniň ata Watany Meksika (Merkezi Amerika) hasaplanýar. Häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýada köp ösdürilip ýetişdirilýän aždar miwesi ýokumlylygy we witaminlere baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu miwäniň agajy edil kaktusa meňzeýär.
Aždar miwesiniň gabygy gülgün ýa-da sary, iýilýän bölegi bolsa ak ýa-da şugundyr reňkinde bolýar. Süýjümtik tagamy (aralyk) bolan bu miwe ýylyň islendik paslynda ýetişýär. Dünýäde iň esasy eksport ediji ýurt bolan Tailandda aždar miwesiniň eti ak, gabygy gülgün reňkli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Tailandda bu miwe dekabrdan aprel aýyna çenli aralykda ýetişýär.
Kaktus agajynda ýetişýän ekzotik miwe witamine baý bolup, immuniteti güýçlendirýär, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär. Içinde gara dänesi bolan aždar miwesini ilki ýuwmaly, soňra uzynlygyna ikä bölmeli. Içindäki etli bölegini çemçe bilen çykaryp, dilimlere bölmeli ýa-da dörtburç edip dogramaly. Sogana meňzeş ösüntgisi bolan bu miwäniň gabygy iýilmeýär. Kiwiniň, armydyň we garpyzyň bilelikdäki tagamyny ýatladýan aždar miwesi terligine iýilmek bilen bir hatarda, işdäaçara, ýogurda we süýjüliklere goşulýar. Şeýle hem bu miweden kokteýl taýýarlanylýar. Aždar miwesi gara däneleri bilen bilelikde iýilýär. Täze ýolnan bu miwe sowadyjyda ýa-da plastik haltada 2-3 hepde terligine saklanýar. Aždar miwesiniň güllerini çaý hökmünde demläp içip bolýar. Ýabany tebigatda pitahaýýa agajy 15 metre çenli beýiklige çyrmaşyp ösýär. Adatça, pitahaýýa – inçe baldakly kaktus agajy ekerançylyk meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýyl dünýäde 1 million tonnadan gowrak aždar miwesi öndürilýär. Bu ugurda Wýetnam, Hytaý we Tailand öňdeligi eýeleýär.
PDF









