Bäbekler nähili saz diňlände çalt uklaýar?

510

Bä­bek­ler şa­dy­ýan we saz­la­şyk­ly ýaň­lan­ýan sa­zyň as­tyn­da çalt uka gid­ýär­ler. Şot­lan­di­ýa­nyň Dan­di uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Mu­nuň üçin hü­när­men­ler sy­nag ge­çi­ren­le­rin­de oňa bir hep­de­lik bä­bek­le­riň 100-si gat­naş­dy­ryl­dy. Kör­pe­le­ri il­ki üm­süm­lik­de ýa­tyr­dy­lar, soň­ra pes­saý we şa­dy­ýan saz goý­be­rip, ola­ryň uk­la­ýyş­la­ry­na syn et­di­ler. Ne­ti­je­de, ça­ga­la­ryň saz diň­län ma­ha­ly tiz uk­la­ýan­dy­gy­ny anyk­la­nyl­dy.
Uku­nyň bo­zul­ma­gy­nyň sag­ly­ga tä­si­ri
Uku­nyň yn­san sag­ly­gy üçin tä­si­ri ulu­dyr. Gi­je­le­ri­ne uku­sy­ny ka­da­ly alan­lar beý­le­ki­le­re gö­rä has sag­dyn­dyr. Em­ma uku­sy­ny sag­dyn alyp bil­me­dik­ler ýa-da ýy­gy-ýy­gy­dan düýş gör­ýän­ler uk­lan wag­tyn­da ýü­rek agy­ry tö­wek­gel­çi­li­gi ulu­dyr.
Adam uku­da wag­ty beý­ni­si dynç al­ýar. Öý­jük­ler tä­ze gü­ne taý­ýar­lan­ýar. Ýa­ra­maz uky, çalt gar­ra­ma­ga, ýü­rek we baş­ga-da bir­nä­çe ke­sel­le­re se­bäp bo­lup bil­ýär.
Yzy­gi­der­li suw iç­me­giň sag­ly­ga peý­da­sy
Her bir adam ýa­şy­na be­den ag­ra­my­na we ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, suw iç­me­li. Se­bä­bi, suw be­den ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär, kel­lea­gy­ry­ny azald­ýar, de­ri­ni tä­ze­le­ýär. Aras­sa içim­lik su­wuň adam be­de­ni üçin peý­da­sy ulu­dyr. Köp adam gyş­da suw­sa­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li suw iç­me­ýär. Luk­man­lar so­wuk­da hem suw iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Suw iç­me­gi ha­la­ma­ýan­lar üçin bol­sa, oňa li­mon, nar­pyz ýa­ly te­bi­gy ta­gam be­ri­ji­le­ri go­şup iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Aý­sol­tan Aşy­ro­wa, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.